Dünýäde adyń belli Magtymguly

Nobat Sovbetov

 

Ençe asyr geçdi mundan
Baý ýadygàr galdy senden
At galman köp han- soltandan
Goşa atly Magtymguly

Ýyldyzdan ýol ýasap göńden
Geljegi gören has öńden
Ýere nazar salan Aýdan
Jahan diýýàr Magtymguly

Beýik adyń bile inen
Başyńa bilim täç gonan
Şygyrlaryn mana uýan
Jahan diýýàr Magtymguly

Ne gudratdyr hiç kim bilmez
Her döwürde many synmaz
Indi şeýle şahyr inmez
Jahan diýýàr Magtymguly

Hak sözleri baky galan
Sönmez öwüt – wesýet bolan
Geni diýen ady alan
Jahan diýýàr Magtymguly