Adamzat
Nobat Sovbetov
Aglap inip, begendirdiń hemmäni
Ilki günüń bu jahanda Adamzat
Agzyń açyp soradyń sen emmäni
Ene arań tyg üzensoń Adamzat.
Eşigiń tämizläp, goýman şyltykda
Göterdiler allan aýdyp goltukda
Assa basyp, ýörjen etdiń galtakda
Adyń tutsa gülüp bakdyń Adamzat.
Günüň sanap, täze tälim öwrendiń
Diş çykanda hem dökende jebrindiń
Seýdip ýerde güni ýedi öwrüldiń
Ilki parzyń sünnet boldy Adamzat.
Körleriń arzuwy cykmakdyr ýagta,
Gedaý könli şalyk – etmekdir bagta
Şalar diýýen – täk syr deger müń tagta
Päk sen heniz hyýallardan Adamzat
Soń oniki ýyl bilim –talim aldyń sen,
Yene bäş ýyl şägirt- talyp bolduń sen,
Ýigrimbäş – otuzda durmuş gurduń sen
Ata parza ýüz bolduń Adamzat
1 Comment
Join the discussion and tell us your opinion.
Thanks for the practical article. The points were helpful for readers comparing options and planning the next step. Ref 1pl55ee.