Gökden İnen Garadaş
Nobat Sovbetov
Çàksiz göńde döràpsiń – geń, tebigy
Bilmen nàçe ýaşyńda sen garadaş
Ýyldyzlar arasyn eýlàp seýil bagy
Könürgenji mesgen tutduń garadaş
Gazaply indiń sen ot –ýalyn bile
Gara ýere girdiń ot – külüń bile
Ah urup , ýań etdiń bat- ýeliń bile
Zarbyń bilen ýer sarsdyrdyń garadaş
Belki bug-çyg, artan – süşen özeniń
Belki Tańryń özi seni duzeniń
Belki sebàp, göńde tertip bozanyń
Ýerde Şa adyn aldyń garadaş
Belki sen àlem baba planetasy
Belki – de sen ýeriń günüń atasy
Belki buýruk ýerde baky ýatasy
Üç ýüz altmyş eren ýanyń garadaş
Millýard ýyllar habarlydyr ýaşyńdan
Ne hadyslar geçendir seń başyńdan
Barmy biljek seń bitiren işińden?
Baky gelip düşdüń ýere garadaş.
Syýahatyń sońy Sapar aý ony,
Sowa geçdiń üç ýüz altmyş ereni
Ýa tirsege galdyrdyńmy Màtini
Göňden sa ýol açyp indiń garadaş
Aýan etdi gudrat mańa şu sany.
Ilki dört aý, soń elliiki güni
Ýene ýetmiş alty sagat ne many?
Garagulak ilçimi sen garadaş
Ýagşy niýet – gelen döwlet biliner,
Belki onda ýerli Mekke salynar
Dumly – duşdan zyýarata geliner
Hoş habarçy bol hernà garadaş
Share your thoughts