Gitdin Sen Şöhrat!

Nobat Sovbetov

Ýaş giden gaýyn agam
Şöhrada bagyşlaýan!

Garaşmandyk asla ajy habara
Bilmen ýa-da keçlik bolan sabyra
Allaha şükürler – joşan nebere
Agtyklaryń goýup gitdiń sen Şohrat!

Aglap otyr Maýsadyr, Tumar gyzyń
Habar ýaşa basdy enäniń gözün
Bu nä iş – gonamdan yer alan özüń
Belki emri öńden bilip ötdüń sen

Agam diýýar Mahri, Mira, Baharam
Şöhrat ogly diýýär -Timur, Murigem,
Alla joşdy sana ençe agtygam
Guwanyp ýörmäni ötdüń sen mundan

Ýatlaýan ýörenmiz bile Sibirde
Allajan gorady goýman jebirde
Şükür aman geldik howply döwürde
Gysga ömùr bilen ötdüń sen Şöhrat

Bilmen neneń bolan agyr hadysa
Haku – nähak iniń Merdan bilmese
Geni aýdan dek : “Adam gelse ölmese”
Armanly –armansyz diýmän gitdiń sen

Elmydam görerdik seń güler ýüzüń,
Razy bol – geç bolsa günämiz biziń
Düşümde meýdiń dur üstünde buzuń
Alladan aýanlyk alyp gitdiń sen.

Türkmen Dilinde Yazylan Beyleki Goşgylar we Edebi Döredijilikler