Bagtly Ene Sen BAHAR!
Nobat Sovbetov
Es salam aleýkum toýa gelenler
Dostlar, ildeş, dogan – gardaş bolanlar
Hormatlap gelmäni borçly bilenler
Diýmek üçin: “Bagtly Ene Sen BAHAR!
Güljan daýza, Yusup, Meret agalar
Bardyr giden guda ýakyn babalar
Nesli nikalansa – ruhlar şatlanar
Dünýäde iń bagtly Ene – Sen BAHAR!
Allań emri ýürekleri duşuran
Perişde goldawy amal aşyran
Bar ýygnanyn toý saçagna üýşüren
Hem ata– hem bagtly Ene Sen BAHAR!
Toý tutdyń ýetende sähetli çagta
Kynçylygy ýeńip ýetdiń bu bagta
Hyzmaty buýrsun – wesyetiň nygta
Dünýäde iń bagtly Ene Sen BAHAR!
Agtyklar ýetirgeý seni çowluga
Çowluklar ýetirgeý seni ýuwluga
Allajan ýetirgeý baryń beglige
Hem ata – hem bagtly Ene Sen BAHAR!
Ynam bilen söýgi ýakyn gardaşdyr.
Ynam ýitse söýgi bir gara daşdyr
Kalb wesýetim – Wepa, berk bagta başdyr
SERDAR! ŞIRIN BAGTLY ATA-ENE BOL!
Serdara hem Şirine Hanhowuzdan,
Bagt dilän Nobat agań Daşoguzdan
Insin beýyik dagdan, çäksiz denizden
SERDAR! ŞIRIN BAGTLY ATA-ENE BOL!
Ynjanynda ýoldaşyňa PENA BOL!
Derde şypa- özüň DERMAN HANA BOL!
Ýetmeziniń özüň DESSER HANY BOL!
SERDAR! BILE BAGTLY ATA-ENE BOL!
Share your thoughts