Dolan Ay Sen Dolanay

Nobat Sovbetov

Syrym aýdyp bilmesem
Gözüm aýryp bilmesem,
Näderin men dogan aý
Dolan aý sen dolanaý

Sen kim üçin doglan aý
Barińe bir dolanaý
Bakaýyn Jemalyńa
Dolan aý sen doglan aý

Hyýalymda ýanymda
Nazar düşse janymda
Gitmez bolduń ańymda
Oda saldyn dolanaý

Sen kim üçin doglan aý
Barińe bir dolanaý
Bakaýyn Jemalyńa
Dolan aý sen doglan aý

Nazaryndan ten diglär
Ol hanjar ýürek tyglar
Bialaç duýgy aglar
Jemal sen bir dolanaý

Sen kim üçin doglan aý
Barińe bir dolanaý
Bakaýyn Jemalyńa
Dolan aý sen doglan aý

Jemalyn nurlar saçýar,
Gören badym erk gaçýar
Göwün elden suw içýár
Ody duýmaz dolanaý

Sen kim üçin doglan aý
Barińe bir dolanaý
Bakaýyn Jemalyńa
Dolan aý sen doglan aý

Dolan aýyń tüýs taýy
Ýa-da onuń bäsdeşi
Wah bolsamdym ýaşdaşy
Sen kim üçin doglan aý

Sen kim üçin doglan aý
Barińe bir dolanaý
Bakaýyn Jemalyńa
Dolan aý sen doglan aý

Döran ot goşga döndi
Syrym açylman galdy
Aýralyk ýaşdan boldy
Sen kim uçin doglan aý

Sen kim üçin doglan aý
Barińe bir dolanaý
Bakaýyn Jemalyńa
Dolan aý sen doglan aý

Türkmen Dilinde Yazylan Beyleki Goşgylar we Edebi Döredijilikler