Süytdeş İnim Durdybay
Nobat Sovbetov
Bir çakrymlyk arany bäş ýyllap uçup,
Gün daşyndan kosmosda bäş aýlaw geçip,
Minut gutlag okadyń awtomat açyp,
Iş üstüne geleńde inim Durdybaý
Sagbol ýatladyń müń ýarym gün agansoń,
Gelin toý gutlap, agtyk sünnet bolansoń,
Sen ýat bolsańda şüt emişen dogansyń,
Ýakynyń ýat eýleme inim Durdybaý.
Gutlaga mynasypmy şygyryń bary ?
Dürs sözlüdir Allanyń söýen dost – ýary.
Kuranda hak ýolunda ölenler diri
Nähak söz aýytmakdan saklan Durdybaý.
Çowdur ýa seń bilen tirkeşip ýörmedik
Onbir ýaşdan soń bir- birimiz görmedik
Asla gürrüńdeşlik, daw, jedel gurmadyk.
Gybat, töhmet – günäni saýgar Durdybaý
Marks, Lenin goşma baha döwlet dolapdyr
Darwin jedeli : “…Maýmyn adam bolupdyr.”
Bu dialektik – ylmy ösüş ýollukdyr
Ańmaza ol-da dawa – inim Durdybaý
Gep alyşarmy deń gelmese göz ýetim
Bilim alanlar bilen bazardan satyn
Bag-bakja guratmazmy zeý suwdan tutum
Ylymda miwe ýat bolmazmy Durdybay
Ogry – tilkidir mydam, şir görse gorkýan,
Neneńsi atka seńki – agańdan ürkýän,
Haramhordan daş – arassa ýörse erkan
Towşanam şire döner inim Durdybaý
Bir aç pil dynman molar eken elmydam
Bir oglan görup, xörekläpdir çydaman
Soń duşanda oglanyń köwşüni ýalan
Burny deşik gul bolan pilem Durdybaý
Nesibedir emmek obadaş ýeńńäni,
Dińdiren berip öz göwsünden emmani,
Ýatan ýeri ýagty bolsun ol bendäniń
Ýady ýakyn edipdir enem Durdybaý.
Edebiń ýagşysyn al – ulyny syla!
Söz manysyn ańmaza – hakam bir dawa.
Akyldar inä – bormy, at dakmak aga?
Gutlagyńa köp sagbol şahyr Durdybaý
Öwütde : “ Manysyn ań – okasań namaz ”
Bilimden daş kän ilde – aýdanyn ańmaz
Ylym bir doly hazynadyr egsilmez
Açsań söz – açar ol göz, inim Durdybaý
Hoşa tapmasań urmagyl çöpe – çöre
Açyk göwün – dury ań, batmasyn kire
Goý diýsinler: “Hä ..ol akyldar, şahyra…”
Nobatyń nesihaty şu alsań Durdybaý
Share your thoughts