Myrat Turanly
Nobat Sovbetov
Uzak Türkden gelen Hojam Turanly asly
Biz asyrlar aýra düşen bir ata nesli
Doganlara ýetende supradaşlyk pasly
Çalt inen ýyldyz dek solduń Myrat Turanly
Ata yurt nesibe çeken seni ozüne
Talyplarńa joşduń algebradan hazyna
Belki ýiti bilmiń ilmiş şeýtan gözüne
Turanda ýaş keşbde galdyń Myrat Turanly
Sapagńyza garaşardy talyplar her gün
Bolsa-da bary matematikadan argyn
Köp ah çekdirdi bize şum habar şol gün
Ýok! Ýok! Ýok! gaýratly Hojam Myrat Turanly
Ýigrim ýedi aýlaw bar bolanyń panyçy,
Daşoguzda bendi bolduń , eýlàp jan uçy,
Iki müń birinji ýyl – dekabryń on üçi,
Dost- ýaryń eńredip gitdiń Myrat Turanly
Çynmy – ýalan! Başlar heniz duman – ümürlik
Beren bilimlerńiz ýatdan çykmaz ömürlik ,
Dünýà gelmek, gitmek ýeke ALLA emirlik
Ýatan ýeriń ýagty bolsun Myrat Turanly.
Share your thoughts