Yaşlykdaky Endigim
Nobat Sovbetov
Ýaşlykda bildim ýagşy-ýaman bardygyn
Sadaja bölüp baryn iki topara
Birini gazaply hem gaharlylara
Beýlekisin mylaýym– rehimdarlara
Ýakymly sözlani gowydyr öýütdim
Gyzyklanyp, olaryń edenin etdim.
Käte diň salyp, töweregme seredip,
Ýagşy – ýamana öz bakyşym döretdim ,
Galdy endikler durmuş ýola geçsemde
Ýalan – bakyşdan halys aşa düşsemde,
Jan köýdürip hakykaty päk aýdýandan
Ýalňyşyp, azaşyp köp ýanyp-bişsemde
Iń gyn zat diýýipdirler päklik, sahylyk
Ondanam gyny öz- özüńi ańmaklyk
Dowrümizde bolup dur iń bir kyn gylyk
Olda täk galyp, hakykata uýmaklyk
Döwür däp- dessury bolupdyr galp- ýalan
Dogrusyn aýtmaz para beren ýa alan
Günde Alladan sirotl mustakem diläp
Ýalan sözlarmi iman-namazly bolan?
Dileg – päk ýol, oňmaz galp bilen bir kalbda
Hilegär -galpdan malyń saklagyn gulpda
Ýylgyryp sözläp, alar göwün açaryn
Ynam göz baglar, gulp goýmarsyń bir zulpde.
Bular üýtgedýär meniń dünýä garaýşym
Ýalançy – kezzaplara bakyş – araýşym
Ýokanç virus dek, olań artýanyn ańyp,
Diýýän: Düzmükä meniń ýeke baryşym?
Diýýipdirler – Dürsdür Allanyń halany.
Hak goldagaý hoşniýetli, päk bolany
Watanmyz baýýar, berkär, has öńe gider
Tapaýsa ol virusa dönmez dermany
Share your thoughts