Atam-Enemi Yatlap
Nobat Sovbetov
“Tebigatyń öz kanuny bar eken
Köp jemagat ony bilmän ýör eken
Öńden ańan Ata – enä dözmezek
Depe – täçden ońa orun ber eken”
Ekläp – saklap ýetişdirdi
Kyn döwürde atam – enem
Erbetlikden çetleşdirdi
Ynjytmany Atam – Enem
Tyg üzen aram daş etmän,
Aglanym galman eşitmän,
Bagryna basyp üşetmän,
“Balam” – diyyen Atam – Enem
Gazuw gazyp, çiller çekip,
Künde bilen ekin ekip,
Agşam şamlyk börek büküp
Naharlapdy Atam – Enem
Asgyrsak: “Nämboldy” – diyip,
“Ten gyzgyny galdy” – diyip,
Özi iymän bize goyup,
Ekläpdiler Atam – Enem.
Her gün irden çaý bererdi,
Başym sypap iýdirerdi
Täze eşik geýdirerdi
Gülüp bakyp Atam – Enem
Agyr zähmet çekipdiler
Ajy derler döküpdiler
Ýedimizem bakypdylar
Gije – gündüz Atam – Enem
Yzlap – myzlap, şalyk etdik,
At tutar yaşyna ýetdik,
Aşyk atdyk – balyk tutduk
Guwandyryp Atam – Enem
Ýaşlyk el guş uçdy gitdi
Taryh bolup geçdi gitdi
Durmuş ýolun açdy gitdi
Görsün diýýip Atam – Enem
Şeýde –şeýde ýigit ýetdik,
Bir gun durmuş toýun tutduk,
Gujagyna agtyk atdyk,
Guwandyryp Atam – Enem
Söbet aga Sargyz ýeńńe
Diýerdiler Size hemme
Garrylyga ýetip synma
Belki ýazgyt Atam – enem
Ir turup baryp görmäne,
Egilip salam bermäne
Gulluga bir gün durmana
Ýokdur indi Atam – Enem
Atlananda ataraýyn,
Gel arkamda götereýin,
Elińiz bala batyraýyn,
Diýsem dönmez Atam – Enem
Yzlasam uluslar söküp,
Sorasam gapylar kakyp,
Aglasam dyzyma çöküp
Tapman indi Atam – Enem
Kime berýäń uzak ömür,
Kime gurýań duzak ömür
Kime joşýań üzük ömür
Tańrym aldy Atam – Enem
Dünýä sen bir doýmaz däli,
Guradýań miweli bagy,
Kazalap bagt ýeten çagy
Goýduń ýetim ata – ena
Ýatan ýerińiz ýagty bolgaý
Ruhlaryńyz rahat bolgaý
Imanyńyzda hemrańyz
Jaýyńyz behiştde bolgaý
Ukuly dek ańman galdym,
Gaýgy- gama batyp boldym,
Keşblerini ýatlap ońdum,
Asla dönmez Atam – Enem
Nobat aýdar karar tapmaz,
Müń bir gaýga bir iş bitmez,
Aýatdan başga zat ýetmez,
Indi Size Atam – Enem
Share your thoughts