Garaşsyzlyk Alandan Son Watanym

Nobat Sovbetov

 

Ene toprak nesle miras gowuşdy
Garaşsyzlyk alandan soń WATANYM
Türkmen Döwlet ady dünýà çawuşdy
Garaşsyzlyk alandan soń WATANYM

Özbaşdak gadamly öńe baýarsyń
Halkyńa gaz, tok, duz, suw mugt berýàrsiń
Täze öýler, köp binalar gurýarsyń
Garaşsyzlyk alandan soń WATANYM

Çet iller diýýàrdi ýatan bir çöllük
Hiç kim öýtmezdi nebit – gazyń senlik
Baylygyňa àlem bildirdi geńlik
Garaşsyzlyk alandan soń WATANYM

Özbaşdak gadamly öńe baýarsyń
Halkyńa gaz, tok, duz, suw mugt berýàrsiń
Täze öýler, köp binalar gurýarsyń
Garaşsyzlyk alandan soń WATANYM

Türkmen- türk doganlar bir ýola düşdi
Doganlarmyz bize ýardamyn joşdy
Ymaratlar ymarata ulaşdy
Garaşsyzlyk alandan soń WATANYM

Özbaşdak gadamly öńe baýarsyń
Halkyńa gaz, tok, duz, suw mugt berýàrsiń
Täze öýler, köp binalar gurýarsyń
Garaşsyzlyk alandan soń WATANYM

Şygyrym toýuńa sowgadym bolsyn
Çagyrýas baýrama dostlaryń barsyn
Watanym baky Özbaşdak galsyn
Garaşsyzlyk alandan soń WATANYM

Özbaşdak gadamly öńe baýarsyń
Halkyńa gaz, tok, duz, suw mugt berýàrsiń
Täze öýler, köp binalar gurýarsyń
Garaşsyzlyk alandan soń WATANYM