İLDİR MEN
Nobat Sovbetov
Agşam başlap älem ýyldyz bazaryn,
Sowup dur ählisin dańa galdyrman.
Guma garyp ençe ärleń nazaryn,
Gidip dur amanat äńe bildirmän
Alansoń erkimi geçmiş heseri,
Gőze süldüm küt-küt taryh eseri,
Agdardym gijeler niçe asyry,
Dowamly jümläni sońa galdyrman.
Geçmişi näbelliń bormy geljegi?
Köpmi nesliń edi arka biljegi?
Gelen geçer, ýokdur asla galjagy
Aslyn yzlan biler birin galdyrman.
İlki dilde: «ADAM» sőzi bolupdyr,
Ne üçin ol TÜRKİ dilde galypdyr?
Belki Babam harplar içre ELIFDIR,
Ene dili gadym bolan ildir men.
Emir bilen Adam ata ýarapdyr,
How enemiz gapyrgadan dőräpdir,
Ogly Habyl Ably ere küräpdir,
Dogan- duşman bir inipdir bildirmän.
Gargyş alan Hablyń edi neslini,
Sif inen geçrip ýüz kyrk ýyl paslyny,
Taryhdan gőr adamzadyń aslyny,
Okasań bilersiń başyń galdyrman.
Müń ýigrimi alty ýyldyr arasy,
Sifdir Nuhyń sekizinji arkasy,
Oń üç ogly dogan eder her kesi,
Sim, Ham,Ýafet ýatyr başyn galdyrman.
Simden-Assur, El, Lul, Arfsal, Arandyr;
Ham nesli- Huş, Misraim, Fut, Hanandyr;
Ýafet ogly Firas edi dogandyr,
Atalarmyz ýatyr gabak galdyrman.
Firas-Fars-Pers, Baba il-Wawil boldy,
Sim-Semit, Ham-Hamit dürli dil boldy,
Assur, Hanan-Hetdi dőwlet, il boldy,
Sidon, Elam gitdi gőwin doldurman
Dőrüp Burdur, Jeýtun, Kelte minaryn,
Gőrüp Altyn depäń gadym hünärin,
Bildik bäş-on müń ýyl arada baryn,
Awçy babań nesli bolan ildir men
Döwür geçip, Hetdi-Alan birikdi,
Akgun, Eftal, Oguz iller örükdi,
Guruldy döwletler barha berikdi,
Atalary dünýä belli ildir men.
Dőrt müń ýyl őń guran Hetdi dőwletin,
Bogaz keýde Hattu şaş dek paýtagtyn,
Saplan at-ýarag, dokma senagatyn,
Türkmen diýer asly Akhun ildir men
Salak – Salyr- Sal, at beren Arfaksal,
Kawkaz, Krym, Don, Sibirde il, derýa Sal,
Azýer, Türk, Fars, Çynma–Çynda Salak il,
Salyr Gazan nesli diýer – Saldyr men.
Müsür bilen onbäş asyr jeń guran,
Atalarmyz watan üçin jan beren,
Hetdi ata ýurdy flistýana buýran,
Ar alýança Oguzlar nesli Türkmen
Atalarmyz çar tarapa at salan,
Hetdi, Аkgün – Parfy duşmandan alan,
Rimli- Müsürliler köp toba gelen,
Ärler diýen: “Duşman görsem Şirdir men”.
Älem – ogul ady Oguzdan galan,
Gün, Aý, Ýyldyz, Gök, Dag, Deńiz Han bolan,
Deńizden Seljuk – Sanjar Soltan bolan,
Osman diýen: “Rumda Beýik Şadyr men”.
Ýedi ýüz ýyl bolan oguzlar pasly,
Döwleti gińelen, köpelen nesli,
Salyr, Ýazyr, Azýer – il bolan esli,
Diýen bary Türki dilli ildir men.
Çyk atda – Çukotda geçelge guran,
Ene yer-Materik– Anadyr bolan
Aýhanlyk –Aýnylar Ýaponda galan,
Gundogarda ösen döwlet ildirler
Ýyldyzdan Begdil– Atsyz Horezm şasy,
Arslan, Tekeş, Muhammet oń balasy,
Göńe galdy minarasy, galasy,
Duşmanlar diýýänçä indi çöldür sen
Jelalleddin duşmanlara zarp urdy,
Çingiz han görmändir onuń dek merdi,
Gypjaklary gyrdy dönüklik derdi,
Horezime ýagy diýdi küldür sen.
Ýedi ýüz ýyl döwlet gitdi bu ilden,
Ýagy indi sagdan, soldan, İt ilden,
Asyl nesil gördi muny ykbaldan,
Stolet, Galkin diýdi golast ildir sen.
Turkmen Miçgeý Miçigana at bolan,
Çykalgada Çikaga dek kent guran,
Mämlýukden mämeli täk tire galan,
Çar künjege nesli ýaýran ildir men.
Lenin gelip deń hukuklyk erk eden,
Köp illeriń tabynlygyn berk eden,
On bäş halka özbaşdaklyk terk eden,
Dogan iller diýen bile sildir men.
Garaşsyzlyk sapar etdi ýene-de,
Sabyrly il ýetdi bagtly senede,
Türkmen döwlet ady ýańlap panyda,
Diýdi: “Jeńe geń -agzybir ildir men”.
Ýaýrapdyr Ata dil bütin älemde,
Bu gün boldy dőwlet dili ilimde,
Sőz-bag güli, galam– gural elimde,
Erkana şiresin tirsem baýdyr men.
Geçmiş şygyr– dessan beýany öńden
Taryhymyz indi açylýar çańdan,
Türki halklar gatnaşyşyp gün– günden,
Diýer bary: ” Bir ataly ildir men”.
Setirlerim Türkmen haly erşi dek,
Atalaryń jepa çeken gerşi dek,
Timarlansa, saz – gurallar kirşi dek,
Taryhyn äleme ýaýma ýodur men.
Taryhçy däl, belki köpdür hatamyz,
Şahyram däl, ýokdur alan patamyz,
Ýańkentde galypdyr Gorkut atamyz,
Her künjekde nesli galan ildir men.
Adam ata How enaniń Watany
Daglary görendir Sif, Nuh atany
Dag üst köli- gämisiniń batany
Ata yurt eýesi – türki ildir men
Aýdan Nobat Tagan şehit agtygy,
Aslym Mürze-Hetdi- Salak pudagy,
Ýigrimdört kök jem miwäni düwdügi,
Diýer Oguz :”Beýik döwlet– İldir men”
Türkmen Dilinde Yazylan Beyleki Goşgylar we Edebi Döredijilikler
Share your thoughts